BIZNES

Aşgabatda halkara forum geçirildi

Paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini nygtamaly.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda ulag ulgamy boýunça aragatnaşygyň harytlary daşamagyň çykdajylaryny azaltmak we dünýä bazarlaryna elýeterliligini gowulandyrmak nukdaýnazaryndan ähli döwletleriň geljegi üçin möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, goşulyşmak işlerini ýeňilleşdirmekde, obalaryň we şäherleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin has amatly şertleri döretmekde ulagyň wajyplygyna üns çekildi.

Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder