DÜNÝÄ

BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

R.Meredow iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak dialogyna esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary, şol sanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ministrler nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky, elektroenergetikada, ulag-aragatnaşyk we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy