JEMGYÝET

Gurtly ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde paýtagtymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda edilýän işler barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly 40 öýli we 16 sany 4 gatly 68 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalary bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumyň  içerki awtomobil ýollarynyň we daşarky eltiji hem-de içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamany makullap, oňa çekdi.

Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary ýerli gurluşyk kompaniýalary gurar we bu desgalaryň gurluşygyna 2023-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berler.

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri