Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda biologiýa boýunça geçiriljek 2-nji Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.
Halkara olimpiadasynyň geçirilmegi dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň nazary we amaly soraglary boýunça özara pikir alyşmaklaryna ýardam berer.
Biologiýa boýunça geçiriljek Halkara internet olimpiadasyna degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi saýtynyň http://olimp.tdlu.edu.tm “Olimpiada-2023” bölüminde ýerleşdiriler. Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda sagat 18:00-a çenli amala aşyrylar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993-12-48-99-32, +993-63-58-51-11;
Elektron salgymyz: tdlu.olimp23@gmail.com
