BIZNES

Türkmenistan Hytaý halkara import sergisine milli pawilýony bilen gatnaşýar

2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 6-njy Hytaý halkara import sergisi öz işine başlady. Bu giň möçberli çärä dünýäniň 154 ýurdyndan we sebitlerden 3400 töweregi kärhana gatnaşýandygy barada Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tassyklaýarlar.

Oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar, himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylýan bu halkara serginiň türkmen tarapyndan utgaşdyryjysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Hytaýyň 6-njy halkara import sergisine ýurdumyzyň Söwda toplumyndan  Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar.

Bu abraýly, halkara derejesinde geçirilýän sergä ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň gatnaşmagy, olaryň öz öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýäniň import-eksport ugrunda iş alyp barýan işewürlerine tanyşdyrmaga, dürli ýurtlar bilen ykdysady-söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýakyn gelejekde özara bähbitli gepleşikleri  geçirmäge mümkinçilik berer.

Import harytlarynyň altynjy halkara Hytaý sergisi 10-njy noýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder