JEMGYÝET

Güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

Şol gün paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

AŞGABATDA

Güýzki bag ekmek dabarasy Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde badalga aldy. Oňa Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň hünärmenleri, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

43 gektar meýdanda pürli we saýaly bag nahallarynyň 31 müň 50 düýbi oturdyldy. Daşky gurşawy ekologik taýdan abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işlere paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň 20 müňüsi gatnaşdy. Olar ozal ekilen baglaryň 130 müň düýbünde ideg işlerini geçirip, mermer şäherimizi ýaşyl bossanlyga büremäge mynasyp goşant goşdular.

AHALDA

Welaýat boýunça bag nahallaryny oturtmak dabarasy Ak bugdaý etrabynyň çäginde, paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky ýörite taýýarlanan ýerde geçirildi. Dag eteginiň sergin howaly bu künjegi säher bilen toý lybasyna beslendi. Çäre welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň işgärlerini, dili senaly ýaşululardyr mährem eneleri özünde jemledi. Bu ajaýyp günde durmuş toýuny tutýan ýaş çatynjalar dabaranyň toý şatlygyny has-da artdyrdylar.

Ýörite saýlanyp alnan 10 gektar ýerde pürli bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Asylly çäräniň dowamynda welaýatyň çäginde 48 müň 450-den gowrak agaç nahaly, şol sanda miweli baglaryň we üzümiň 10 müň 200, saýaly we pürli agaçlaryň 38 müň 250 düýbi oturdyldy.

Bu işde zähmetkeşleriň 38 müň 500-si işjeňlik görkezip, olaryň 26 müň 400-e golaýy bag oturtmaga, 12 müň 100-den gowragy bolsa öňki ekilen baglaryň idegini ýetirmäge gatnaşdylar.

Toý joşgunly nurana günde öňki ekilen baglaryň 103 müň 500 düýbüne göwnejaý ideg işleri geçirildi.

BALKANDA

Günbatar welaýatda güýzki bag ekmek dabarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägindäki «Rowaç» kottejler toplumynyň ýanynda boldy. Öňünden taýýarlanylan ýerlerde, ilki bilen, asylly işe il sylagly ýaşulular, mährem eneler we bagtyýar çagalar, ýaş çatynjalar badalga berdiler.

Çärä Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň 1 müň 300-si gatnaşdy. Bu ýerde pürli we saýaly agaçlaryň 2 müň 400 düýbi oturdyldy.

Welaýat boýunça güýzki bag ekmek möwsümine 30 müň 590 adam gatnaşdy. Olar agaç nahallarynyň 15 müň 280 sanysy oturtdylar. Şolaryň 1 müň 600-si miweli agaçlaryň nahallarydyr.

Şeýle hem öňden ösüp oturan agaçlaryň 67 müň 689-syna ideg-timarlaýyş işleri geçirildi.

DAŞOGUZDA

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bag ekmek möwsümine Daşoguz — Aşgabat ýolunyň 7-nji kilometrinde täze döredilýän ýaşyl zolagyň çäginde badalga berildi. Güýz paslynyň sergin säherinde bu giňişlik sebitiň 2600-den gowrak ýaşaýjylarynyň yhlasly zähmetiniň hem-de agzybirliginiň şatlygy bilen gurşaldy.

Ählihalk bag ekmek dabarasynda 10 gektar ýerde miweli hem pürli agaçlaryň 4 müň düýbi, welaýatyň çäginde 30 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda agaç nahallarynyň jemi 60 müňden gowrak düýbi ekildi.

Ýerli zähmetkeşleriň hem ýene şonçasy öňden bar bolan agaçlaryň 180 müňden gowragyna ideg etdiler.

Şu ýyl tut nahallarynyň, pürli hem miweli agaçlaryň has kän oturdylandygyny bellemek gerek.

LEBAPDA

Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden geçýän Türkmenabat — Dänew ýolunyň ugrunda gurluşygy dowam edýän täze şäherçäniň golaýy joşgunly zähmete hem-de aýratyn ruhubelentlige beslendi. Lebap welaýatynda bag ekmek dabarasynyň bu ýerde geçirilmegi bilen, täze ýaşaýyş zolagynyň töweregi ýaşyl baglyga beslendi.

Bu möhüm çärä türkmenabatlylaryň müňden gowragy 10 gektar ýere dürli agaçlaryň 4 müň düýbüni oturdyp, tebigata söýginiň, asylly zähmetiň belent nusgasy görkezildi.

Welaýat boýunça möwsümde pürli, saýaly we miweli agaçlaryň 90 müň düýpden gowragy oturdylar. Şolaryň 70 müňden gowragynyň tut nahallary bolmagy sebitde ýüpekçiligi ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Öňki ýyllarda ekilen agaçlaryň 150 müň düýpden gowragynda hem ideg işleri geçirildi.

MARYDA

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň baýramçylyk joşguny Mary welaýatynyň hem tutuş çägini gurşap aldy. Bu ajaýyp zähmet baýramçylygyna sebitiň bagtyýar ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Mary — Baýramaly awtomobil ýolunyň 8-nji kilometriniň golaýynda, Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde bölünip berlen 10 gektar meýdanda bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Şolaryň 1 müň düýbi pürli agaçlar, 3 müň düýbi bolsa tut nahallarydyr.

Asylly işe welaýat boýunça zähmetkeşleriň 10 müňden gowragy gatnaşdy. Olar 40 müňden gowrak agaç nahalyny oturdyp, tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu döwletli işe uly goşant goşdular.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi