BIZNES

“Russiýa-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan” ulag geçelgesi dörediler

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň birinji ulag forumy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi geçirildi. Bu forumlaryň çäklerinde  “Russiýa-Hazar deňzi-Türkmenistan-Özbegistan-Gyrgyzystan” halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek we ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Özbegistanyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu ähtnama Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow, Russiýanyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew we Gyrgyz Respublikasynyň ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew gol çekdi.

Bu forumyň çäklerinde “Aviation & Logistics Forum 2023” maslahaty we “TransLogistica Uzbekistan 2023” sergisi geçirildi.

Halkara forumdaçykyş eden Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow ulag-logostika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem alternatiw ulag ugurlaryny açmak, ulag ulgamynda ülňüleri utgaşdyrmak barada teklipler öňe sürüldi.

Özbek ministri serhetýaka zolaklarynda we ulag ýollarynyň ugrunda iri multimodal logistika merkezlerini döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde “Belarus-Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Owganystan-Pakistan” halkara ulag geçelgesini döretmek we ösdürmek babatda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Related posts

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

Tatarystan Türkmenistana “Aurus” kysymly awtoulaglary teklip etmegi meýilleşdirýär

«Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi