Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleunyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madramowyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Onuň barşynda ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar serhet howpsuzlygy, ulag we aragatnaşyk, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmen tarapynyň gurnamagynda geçirilýän bu duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, şeýle hem hyzmatdaşlyk taslamalarynda ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
