JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi strategik ähmiýete eýedir

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu duşuşygyň dostlukly ýurduň milli baýramynyň — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän günlerine gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.

Ankara şäherinde geçirilen gepleşiklerden soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlendi.

Prezidenti Ärdogan Türkmenistan bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip şeýle diýdi.

– Energetika taýdan Türkmenistan sebitde we dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Türkiýä we dünýä bazarlaryna Türkiýäniň üsti bilen iberilmegi aýratyn strategiki ähmiýete eýe boldy. Bu ugurda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we Azerbaýjanyň gatnaşmagy bilen üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk möhümdir – diýip, Ärdogan belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde Türkiýäniň Prezidenti bilen Türkmenistanyň elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi