BIZNES

Türkmenistan “Global Gateway” forumyna gatnaşdy

Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde Ýewropa Komissiýasy tarapyndan “Global Gateway” atly forum geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew gatnaşdy.

ÝB-niň düzümine girýän hökümet wekiliýetleriniň, hususy pudagyň we gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda geçirilen forumy Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy.

“Global Gateway” strategiýasynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim we ylmy barlaglara maýa goýumlary gönükdirmegi meýilleşdirýär.

Bu forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýurdumyzyň infrastruktura ösüşi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, ulag pudagynyň ösüşiniň gloal özara baglaşyk babatda möhümdigini bellän Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Türkmenistanyň ulag we energetika ulgamlaryny diwersitikasiýalaşdyrmak başlangyçlaryny öňe sürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky käbir taslamalaryň Ýewropa tarapyndna hem gyzyklanma bildirilip bilinjekdigi bellenildi.

Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen maliýe guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bankyň Türkmenistanda hususy pudagyň hem-de ulag ulgamyndaky sebit taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça işlere gatnaşmagy barada pikir alşyldy.

Şol gün türkmen wekiliýeti ÝB bilen Halkara söwda merkeziniň arasynda “Türkmenistan-ÝB: söwdada durnuklylygy we integrasiýany ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirmek babatda şertnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar