JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti harby okuw türgenleşigini synlady

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow harby okuw türgenleşigini synlamak maksady bilen okuw türgenleşik merkezine bardy.

Nobatdaky harby türgenleşige Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer, Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-howa, Harby-deňiz we «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.

Halkymyzyň asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň ygtybarly daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn tagalla edilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn harby özgertmeler bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär, olar üçin döwrebap, ýörite tehnikalar satyn alynýar.

Edermen Watan goragçylarymyz döwletimiziň şeýle uly tagallalaryna jogap edip, öz hünärlerini kämilleşdirýärler, iň täze harby tehnikalara we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.

Şunda milli Ýaragly Güýçleriň tutuş kuwwatynyň parahatçylyga, asudalyga gulluk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Suratlar: “Milli goşun” žurnalyndan alyndy. 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň netijelerine bagyşlanan brifing

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Türkmenistandan Hyrada iberilýän elektrik energiýasy 120 megawata çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gruzin diline terjime edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygy