TEHNOLOGIÝA

Dinozawryň skeleti auksionda 930 müň ýewro satyldy

“Barri” atly “kamptozawr” dinozawrynyň skeleti auksionda 930 müň ýewro satyldy. “Kamptozawr” dinozawrynyň skeleti Pariždäki “Drouot” auksion öýünde auksiona çykaryldy.

“Barry” atly 150 million ýyllyk dinozawryň skeletini 930 müň ýewro satyn aldylar. 2000-nji ýyllarda ABŞ-nyň Waýoming ştatynda tapylan dinozawr skeletiniň kellesiniň we dişleriniň 90 göteriminiň şu güne çenli gaty gowy saklanandygy mälim edildi.

Iki metr uzynlygyndaky dinozawra paleontolog Barri Jeýmsiň ady berildi. Ol skeleti dikelden ilkinji adam hökmünde tanalýar.

Mundan ozal, 2022-nji ýylda “Drouot” auksion öýünde “Zephyr” atly 150 million ýyllyk dinozawryň skeleti takmynan 673 müň ýewro satylypdy.

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy