BIZNES

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri nah ýüplügi, ýorgan-düşek toplumlaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 137 million 190 müň manatdan gowrak bolan armaturany, polipropileni, nebit ýol bitumyny, elde dokalan halylary we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar