JEMGYÝET

«Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirilýär

Ýurdumyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwaly geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, kino aktýorlarynyň we kino bilermenleri ýurdumyza geldiler.

Şu gün Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy bolar.

Ýurdumyzda geçirilýän bu halkara kinofestiwala Merkezi Aziýa döwletleriniň filmleri hödürlendi. Şeýle hem Türkiýe we beýleki käbir ýurtlaryň kino filmleri myhman film hökmünde gatnaşdyrylýar.

Kinofestiwala hödürlenýän filmler paýtagtymyz Aşgabadatky «Aşgabat» kinoteatry we «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde hem görkezilýär.

Kino forumynyň emin agzalary festiwala hödürlenen filmlere baha bererler. Emin agzalarynyň düzüminde Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan kino bilermenleri bar.

Şeýle hem bu kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtdan gelen myhmanlar üçin birnäçe çäreler hem göz öňünde tutuldy. Olar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, «Köne Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görmekleri göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem daşary ýurtly kino bilermenleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen döredijilik duşuşygyna we ussatlyk sapaklaryna gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri