MEDENIÝET

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli iki ýurduň arasynda ýokary derejeli hyzmatdaşlyga uly kanagatlanma bildirdi.

Türkmen tarapy medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol geljek ýylyň aprelinde Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Şeýle hem türkmen tarapy “Gorkut Ata” kinofestiwalynyň geljek ýyl Änew şäherinde geçirilmegi babatdaky çözgüde uly kanagatlanma bildirdi.

Ministr Adil Kerimli Azerbaýjanda geçirilýän türki dünýäsiniň I medeni forumyň ähmiýetini belläp, munuň türki döwletleriň arasyndaky mednei gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň wekiliýeti türki dünýäsiniň I medeni forumyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

Related posts

Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we…

Ata Watan Eserleri

8-nji iýul Maşgala, söýgi we wepalylyk güni

Ata Watan Eserleri

Luwr muzeýi onlaýn tomaşaçylary bilen meşhurlyk gazandy