Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmani ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, öz tarapyndan ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurlarda özara hyzmatdaşlyk baradaky tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
