SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ertir – halkara sergi öz işine başlaýar

2023-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

Halkara sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň öz ekspozisiýalaryny hödürlemekleri göz öňünde tutulýar.

Bu halkara sergisinde türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köpsanlysy ýaýbaňlandyrylar. Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk mebelleri, gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasiýon çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Türkmenistanda bilim ulgamyny we sporty ösdürmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ýerli we daşary ýurt kompaniýalar tarapyndan birnäçe taslamalar hödürleniler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň bilim we sport boýunça alyp barýan işleri, tehnologiýanyň soňky gazananlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürleniler.

Ýene-de okaň

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy