BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Katardaky halkara sergä gatnaşýar

Kataryň paýtagty Dohada açylan “EKSPO-2023” halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

“Daşky gurşaw üçin ýaşyl tebigat” şygary astynda geçýän serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Kataryň Premýer-ministri Muhammet bin Abdulrahman bin Jassim Al Tani öz çykyşynda serginiň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Türkmenistanyň milli pawilýony türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň äheňlerinde bezelendir. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen sazlaşdyrylyp gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony bu halkara serginiň myhmanlaryny gurak zolaklarda suwy tygşytlamak meseleleri boýunça, daşky gurşawy goramak, ekologiýa şertlerini üpjün etmek ugrunda Türkmenistanda alnyp barylýan işler, tebigy goraghanalar we olaryň tebigaty goramakda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk ýerleri, tebigy ýadygärlikleri, medeni-syýahatçylyk zolaklary bilen tanyşdyrar.

 

Related posts

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

Türkmenistan nebitgaz pudagyna täze ylalaşyklara gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Abadan haly» eksport bazaryny giňeldýär