JEMGYÝET

Arkadag şäherinde halkara ýaşlar forumy geçirildi

Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynda “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralyp, oňa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik edarasy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi işjeň goldaw berdi.

Gibrid formatda geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýaş liderler, aktiwistler, talyplar, telekeçiler gatnaşdy.

Bu wekilçilikli forumyň maksady dürli meseleleri we  düşünişmezlikleri ýeňip geçmegiň iň möhüm serişdesi hökmünde parahatçylykly gepleşikleri ösdürmekden ybaratdyr.

Şeýle hem, forumda parahatçylygy gurmakda täze tehnologiýalary ulanmak, howanyň üýtgemegi bilen parahatçylygyň arasyndaky gatnaşyklar we sanly diplomatiýa ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, parahatçylyk we jemgyýetçilik jebisligi ugrundaky ýaşlaryň başlangyçlary barada pikir alyşyldy.

Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Oňa gatnaşyjylar çäräniň dowamynda öňe sürlen möhüm teklipler we pikirler boýunça gepleşikleri dowam etdirmegiň zerurlygy barada umumy pikiri aýtdylar.

Forumyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogyny döretmek baradaky ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri