DÜNÝÄ

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan halkara media forumy geçirildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurnan halkara media forumyna “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem çagyryldy.

Halkara foruma habar agentlikleriniň we ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýurdumyzda akkreditlenen daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, “Bolşoý Aziýa” teleýaýlymynyň baş müdiri, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Belarusyň teleradiokompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine syn berildi. ŞEýle hem häzirki döwürde metbugat ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilen daşary ýurtly metbugat gulluklarynyň wekilleriniň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirildi.

Media ulgamynda hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylan forumynda “Belarus 24”, “Russia Today” halkara teleýaýlymy, ABU we beýleki teleradioýaýlymlaryň wekilleri bilen duşuşyk guraldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle ýokary derejedäki foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallygyny bildirdiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri