Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Rus lideri Türkmenistanyň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk we giň gerimli döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň däp bolan netijeli döwletara gepleşiklerini berkitmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär.
Prezident Wladimir Putine mähirli gutlagy we hoşniýetli arzuwlary, şeýle hem biziň ýurdumyza hoşniýetli garaýyş we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berilýän üns üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän özara ynanyşmak we düşünişmek häsiýetli dostluk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini we giň ugurlarda ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.
