SPORT

“Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy

20-nji sentýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary Mary şäheriniň “Energetigi” bilen duşuşdy. Bu duşuşykda ynamly oýun görkezen “Arkadag” topary garşydaşyndan 6:1 hasabynda üstün çykdy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 39 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ikinji, üçünji orunlarda 32 hem-de 25 utukdan toplan “Altyn Asyr” hem-de “Nebitçi” toparlarynyň ornaşandyklaryny bellemek gerek.

16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

 “Arkadag” – “Energetik” – 6:1

Gollar: 18, 39 Begmyrat Baýow, 45+2 Yhlas Toýjanow, 75 Nazar Towakelow, 76 Şanazar Tirkişow, 90+2 (11 m.j.u.) Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”) – 7 Guwanç Berdimyradow (“Energetik”)

Duýduryş: 44 Aly Haýdarow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.) 

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:    

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» 13 13 0 0 45-10 39
2.   «Altyn Asyr» 14 10 2 2 37-12 32
3.  «Nebitçi» 14 8 1 5 23-16 25
4.  «Aşgabat» 15 5 2 8 18-34 17
5.  «Köpetdag» 13 5 2 6 17-25 17
6.  «Ahal» 13 5 1 7 18-19 16
7.  «Merw» 11 3 3 5 12-16 12
8.  «Energetik» 15 4 0 11 12-33 12
9.  «Şagadam» 16 2 3 11 10-27 9

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler