Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 15-nji sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Gün gaty gyzykly geçer. Derrew telekeçilik pikirine girmek mümkin bolmaz, şonuň üçin irden aýratyn çylşyrymly we möhüm meselelere üns bermezlik has gowudyr. Mundan başga-da, töweregiňizdäkiler köplenç maslahat we haýyşlar bilen siziň özüňizi ünsden düşürer. Bu bolsa käbir Hamallary çynlakaý gaharlandyrar. Günüň ikinji ýarymynda oňyn wakalaryň täsiri güýçlener. Hünär pudagynda täze mümkinçilikler açylar. Özüňizi subut etmek, nämä ukyplydygyňyzy görkezmek mümkinçiligini elden gidirmäň. Bu wagt öý işleri we käbir maşgala meselelerini çözmek üçin hem amatly.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Öň hemmeler üçin gaty kyn ýaly görünýän meseleleri çözmek üçin size uly mümkinçilik dörär. Ozal tejribäňiz bolan işleriň täsiri biraz pesräk bolup biler, şonuň üçin synag geçirmäge we täze bir zat tapmaga taýyn boluň. Hemme zat derrew isleýşimiz ýaly netije bermez. Şeýle-de bolsa, şu gün gazanan tejribäňiz bir gezekden köp peýdaly bolar. Ujypsyz düşünişmezlikler işde we öýde bolup biler. Çynlakaý gapma-garşylyklaryň ýüze çykmazlygy we özüňiz üçin eziz adamlar bilen jedelleşmezligiňiz üçin alada edersiňiz. Ylalaşyk tapmak elmydama aňsat bolmaz, ýöne hökman üstünlik gazanarsyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Möhüm meseleleri ýa-da çynlakaý ýygnaklary uzak saklamaň. Günüň başy olar üçin has amatly bolar. Ýyldyzlaryň goldawy netijesinde, öň edip bilmedik zatlaryňyzy çalt başlarsyňyz we asla garaşmadyk ýeriňizde ajaýyp netijelere ýetersiňiz. Wagtyň geçmegi bilen oňyn wakalaryň täsiri birneme azalar, ýöne günüň ikinji ýarymy diýseň ýakymly bolar. Bu gün guramaçylyk meselelerini çözmek, resminamalary taýýarlamak we döwlet edaralaryna ýüz tutmak üçin amatlydyr. Ýyldyzlar agşam, maşgalaly Jöwzalar üçin gowy habar wada berýär.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz, her kim hökman halar. Öň haýsydyr bir teklibi tankyt eden adamlar hem bu gezek meýilnamalaryňyzy goldarlar we durmuşa geçirilmegine kömek etmek islegi dörär. Dowamly hereket etýän Seretanlar karýeranyň basgançagyna çykarlar we peýdaly baglanyşyklara eýe bolarlar. Söýýän adamyňyz bilen düşünişmek elmydama aňsat bolmaz. Esasanam sizi söýýänler bilen aragatnaşykda dartgynly pursatlar bolup biler. Ýöne köşeşseňiz we ownuk-uşak zatlara gaharlanmasaňyz, hemme zat çalt netije berer.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Işewürlikde hakyky öňegidişlige ýetip bilersiňiz, ýöne hemme zat isleýşiňiz ýaly derrew netije bermez. Päsgelçiliklere ýol bermäň we başgalar näme diýse-de, başarnygyňyza ynamyňyzy ýitirmäň. Iş dünýäsinde wakalar isleýşiňiz ýaly çalt ösüp bilmez. Maksatlaryňyza ýetmäge howlukmaň. Sabr etmek has peýdaly bolar. Bu gün şahsy gatnaşyklar taýdan amatly bolar. Duýgurlyk, ozal düşünişip bilmedik adamlara çemeleşmäge kömek eder. Agşam hakykatdanam göresiňiz gelen adamyňyz bilen duşuşmak üçin amatlydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Uzak wagt bäri soňa goýýan wezipeleriňize gaýdyp geliň. Bu gün siz olary çözmegi gaty gowy başararsyňyz. Diňe ozal başlanan zatlaryňyzy tamamlamak bilen çäklenmän, öňem çözüp bolmajak ýaly görünýän kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik bolar. Bu temada size garaşmadyklaryňyz kömek edip bilerler. Käbiri diňe täze iş ýaranlary däl, eýsem hakyky dost hem bolup galmagy mümkin. Başga adamlaryň meselelerini çözmek üçin birnäçe wagt sarp etmeli bolarsyňyz, ýöne bu sizi biynjalyk etmez ýa-da gaharlandyrmaz. Agşam ownuk nagt girdeýjiler we sowgatlar gelmegi mümkin.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Düşünjäňiziň aýdýanlaryny ýerine ýetiriň. Çylşyrymly ýagdaýdan tiz çykalga taparsyňyz we beýlekileriň gaty kyn hasaplaýan zatlaryna düşünersiňiz. Täze bir zat öwrenmäge, ýakyn wagtda peýdaly boljak maglumatlary almaga mümkinçilik bolar. Bu gün işewür aragatnaşyk üçin amatly bolar. Hatda ozal düşünişmedikleriňiz bilen hem ylalaşyp bilersiňiz. Käbir Mizanlara täze iş teklip ediler. Şahsy gatnaşyklarda dartgynly pursatlar bolup biler, ýöne bu ýerde-de çynlakaý mesele ýüze cykmaz.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Hakykatdanam möhüm meseleleri çözmäge üns beriň. Bu gün ownuk-uşak zatlar üçin wagt ýitirmeseňiz ýa-da boş gürlemek üçin işiňizden daşlaşmasaňyz, köp peýdaly işler edersiňiz. Maliýe meselelerini çözmäge ünsi jemläp bilersiňiz. Ünsli bolsaňyz, ýagdaýa dogry baha berersiňiz we şonuň üçin ýalňyşlyk goýbermersiňiz. Iş we şahsy duşuşyklar hem gowy geçer. Öň düşünişmek mümkin bolmadyk adamlar aragatnaşykda başlangyç ederler. Ýakymly tanyşlyk bir söýgi wakasynyň dowamy bolup biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün size gelýän adaty bolmadyk pikirlere üns beriň. Olary derrew durmuşa geçirmek mümkin bolmaz, ýöne oňyn wakalaryň täsiri henizem güýçli bolar. Bu gün işewür gepleşikler we potensial hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar üçin amatlydyr. Iş ýerlerini üýtgetmek barada pikir edýän Kowuslar gyzykly teklipleri alyp bilerler. Öýde garaşyşyňyzdan has köp aladalar bolup biler. Gündelik meseleleri çözmek üçin hatda meýilleşdirilen güýmenje ýa-da syýahaty yza süýşürmeli bolmagyňyz mümkin. Özüňiz bu barada kän alada etmeli bolmarsyňyz we ýakynlaryňyzy begendirersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Gün garaşyşyňyz ýaly gaty gowy başlamazlygy mümkin. Irdenki düşünişmezlikleri göwnüňize almaly däl. oňyn wakalaryň täsiri çalt artar we ýakyn wagtda gowulaşjak üýtgeşmeleri görersiňiz. Geleşikleri we satyn alyşlary günortana çenli yza süýşürmek has gowy. Takyklygy we ownuk jikme-jikliklere üns bermegi talap edýän meselelerden gowy baş alyp çykarsyňyz. Göz öňüne getiriş we döredijilikli çemeleşmegiň zerurlygy birneme kyn bolar. Emma bu ýerde dostlar we beýleki ýakyn adamlar size kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Zähmet çekmäge taýyn boluň! Bu gün üstünlik gazanmak aňsat bolmaz. Ýöne ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar we olaryň goldawy bilen kyn meseleleri ýeňip geçersiňiz we beýlekileriň şowsuz bolan ýerinde üstünlik gazanarsyňyz. Kärdeşler we ýolbaşçylar bilen gatnaşyklar adatdakysyndan birneme näzik we sabyrly bolmagyňyzy talap eder. Birden ýagdaýa derrew dogry düşünmeseňiz hem gaharlanmajak boluň. Ýöne ýakyn adamlar bilen düşünişmek aňsat bolar. Islendik tekliplere aňsatlyk bilen jogap bererler we iň batyrgaý pikirleriňizi goldarlar.
Hut (balyk21.02 – 20.03)
Maliýe meselesinde seresap boluň, satyn almaga ýa-da puluňyzy käbir şübheli taslamalara goýmaga howlukmaň. Täze bir tanyş size altyn daglary wada berse, ägä bolmaly. Sizi käbir şübheli ýa-da töwekgelçilikli hekaýa çekmäge synanyşmak howpy bar. Günortan oňyn wakalaryň täsiri agdyklyk eder. Iş meselelerini çalt ýerine ýetirersiňiz. Doly täze bir zat almaly bolsaňyzam, çynlakaý kynçylyklar ýüze çykmaz. Söýýäniňiz bilen aragatnaşyk hem sizi begendirer.