Türki Döwletleriň Guramasy bu halkara gurama agza ýurtlarynda ulag pudagynda iş alyp barýan edaralaryň, gulluklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Stambul şäherinde multimodal ýük gatnawlary we logistika boýunça forum geçirdi. Onuň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Halkara türkmen logisitka” hojalyk jemgyýeti, “Meno Logistiks Türkmen” hojalyk jemgyýeti, “Döwrebap Ulag Merkezi” hojalyk jemgyýeti we beýlekiler bar.
Azat Atamyradow öz çykyşynda foruma gatnaşyjylary Türkmenistanyň halkara ulag diplomatiýasy, ýurduň demirýol pudagynda bar bolan mümkinçilikleri, pudagyň maddy we tehniki binýadyny gowulandyrmak, şeýle hem täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly, “Lapis-Lazuli” ulag geçelgesi, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgeleriniň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Türkmen tarapy Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletler bilen ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Stambul şäherinde geçirilýän multimodal ulag we logistika forumy, Orta we Günorta geçelgelerde multimodal ulag ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi, hyzmatdaşlygy berkitmegi we global üpjünçilik zynjyrlarynyň netijeliligini, dowamlylygyny we güýjüni ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
