Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilýär.
Duşänbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde geçirilýän bu ýokary derejedäki duşuşykda çykyş eden täjik Lideri Emomali Rahmon Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň assosiasiýasyny döretmegi teklip etdi.
– Soňky ýyllarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma has-da artdy. Media giňişligi dürli habarlar hem-de maglumatlar bilen doldy. Sebitde dostluk we hyzmatdaşlyk esasynda anyk maglumatlara esaslanýan maglumat atmosferasyny döretmek zerurdyr – diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.
Täjik Lideri şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň assosiasiýasyny döretmegi teklip etdi.
Duşanbedäki sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.
