BIZNES

Merkezi Aziýanyň jemi içerki önümi 7 esse ýokarlandy

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Şol forumda çykyş eden Täjigistan Respublikasynyň ykdysady ösüş ministri Zawki Zawkizoda soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň jemi içerki önüminiň 7 esse ýokarlanandygyny, ortaça ýyllyk ykdysady ösüşiň 6,2 göterime deň bolandygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, Merkezi Aziýanyň tutuş dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 1,8 esse artdy we daşary söwda dolanyşygy 6 esse ýokarlandy, sebitiň gönüden-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 17 esse köpeldi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň we harytlarynyň daşary söwda dolanyşygy bolsa 6 esse artdy.

– Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa uly ykdysady ösüşler gazandy. Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşiniň ýokary görkezijileri sebit ýurtlarynyň has uly ykdysady ösüş görkezijilerini eýe boljakdygyny görkezýär. 2022-nji ýylda Täjigistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 23 göterim köpeldi. Täjigistanyň esasy söwda hyzmatlary Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan – diýip, ministr Zawki Zawkizade ykdysady forumda eden çykyşynda belläp geçdi.

Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde sanly ykdysadyýetiň paýyny artdyrmak üçin hereket meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar.

Sanly söwdanyň dünýä söwdasynyň 20 göterimini tutýandygy bellendi. Bilermenler munuň 2025-nji ýyla çenli 25 göterime çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumyna Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýa” mowzugy bilen geçirildi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy