JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherine iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe şäherine şu gezekki iş sapary ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, umumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksadynda tagallalary birleşdirmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge meýillidigini tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri