JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Duşenbede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçiriler, olaryň arasynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, ulag ministrleriniň duşuşygy, Zenanlaryň dialogy, Ykdysady forum, alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň, şeýle hem ýaşlar guramalarynyň forumlary, önüm öndürijileriniň sergisi, sungat eserleriniň görkezilişi we beýleki medeni çäreler geçiriler.

Bu çärelere we duşuşyklara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistan ukrain çagalaryna ynsanperwer kömegini berýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Garabogazköl aýlagyna baryp gördi