DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi NATO-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow şol bir wagtda Demirgazyk Atlantika şertnamasy guramasynyň (NATO) ýanyndaky Türkmenistanyň wekili hökmünde guramanyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge ynanç hatyny gowşurdy.

“orient.tm” neşiriniň habar bermegine görä, ynanç hatyny gowşuryş çäresiniň barşynda guralan duşuşykda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Bilim ulgamynda üstünlikli ýerine ýetirilen maksatnamalar barada durlup geçilip, taraplaryň ileri tutýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygy mälim edildi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna we demokratiýa esaslanýan daşary syýasaty barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem, ilçi Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetlidigini, ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygyny berkitmäge, milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmen ilçisi şeýle hem kiberhowpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak, himiýa, biologiýa, radiologiýa, atom howpszulygy, harby lukmançylyk, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, harby hünärmenlere daşary ýurt dillerini öwretmek ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi.

Öz gezeginde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg sebit howpsuzlygy we durnuklylygy ulgamynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän ornunyň wajyplygyny belledi. Şeýle hem, ýurtlaryň Owganystana ynsanperwer kömegini bermek meselelerine möhüm ähmiýet berildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri