DÜNÝÄ

ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň  Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň häzirki sosial-syýasy we ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşyldy, şeýle hem bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça sebit we halkara formatlaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada maslahatlaşyldy.

Taraplar “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” formatynda daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşygyň meselelerine degip geçdiler hem-de “ÝB – MA” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň nobatdaky duşuşygyny guramak barada pikir alyşdylar.

Related posts

Mawy bägül ýetişdirildi

vepa

Türkmenistanyň we Litwanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreler toplumy guraldy