JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Fransiýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Fransiýa Respublikasyna sapary başlandy.

Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Fransiýanyň Prezidentiniň kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Nuhswalter bilen duşuşdy.

R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona iberen gyzgyn salamyny ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn görnüşde we halkara gurluşlaryň çäginde giň ugurlarda ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüşi syýasy gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezilýär.

Taraplar syýasy we diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri, ylym, bilim we medeniýet babatynda pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri