SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  2-nji  sentýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün biraz başagaýlyk bilen geçer. Ýerine ýetirmeli işleriňiz kän bolar. Hiçkimiň size kömegi degmezligi mümkin. Özbaşdak hereket etmäge taýyn boluň. Kyn we möhüm işden başlamak has gowudyr. Köp işleriňizi irden ýerine ýetiriň, wagtyňyzy çynlakaý meseleler üçin sarp ediň. Günüň ikinji ýarymynda maşgala işleri we şahsy gatnaşyklaryňyz öňe çykar. Ýakyn adamyňyz bu gün adatdakydan has köp siziň kömegiňize mätäç
bolup biler. Sözüni ýykyp bilmejek adamyňyz hem sizden kömek sorar. Belki bu siziň öz meýilnamalaryňyzy üýtgetmäge mejbur edip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Işewür gepleşikler, çynlakaý meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, pikirdeşleriňizi gözlemek üçin ajaýyp gün.
Täze tanyşlaryňyz sizi ilki başdan halarlar, siz bilen has ýakyn dost bolmak islärler. Sowurlar bu gün size karýeranyň basgançaklaryna çykmaga kömek etjek işewür gatnaşyklara başlamak mümkin. Günüň birinji ýarymy asuda geçer. Ozal başlan zatlaryňyzy tamamlap, täze bir işe ugrugyp bilersiňiz. Şuwagt wagty! Soň eýýäm dartgynly döwürler geler. Başgalaryň ýalňyşlyklaryny düzetmäge, meselelerini çözmäge taýyn boluň!
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün sizi garaşylmadyk köp waka bilen haýran galdyrar. Ýöne aljyramaň! Ozal meýilleşdiren
meýilnamalaryňyz bilen güýmenmäge çalşyň, bu size üstünlik getirip biler. Garşydaşlaryňyzy yzda galdyryp, has köp zatlar gazanyp bilersiňiz. Pul girdeýjiler we üstünlikli satyn alyşlar. Köne dostlar size özlerini ýatladyp bilerler, ýagny öňki işleşen adamyňyz siz bilen hymatdaşlygy dowam etdirmek islär. Teklibi kabul etseňiz, dawa eden adamlaryňyz bilen täzeden işleşmäge mümkinçilik bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Täze zat almak üçin gowy gün. Ilki kyn ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne üstünlige aňsat ýetmegi öwrenmäge tejribäňiz bolar. Seretanlar size ýakyn wagtlarda kömek we goldaw üçin ýüz tutup biljek adamlar bolar. Bu gün başgalar bilen düşünişmek aňsat bolar, hat-da öň garşydaş hasaplaýanlaryňyz bilen hem şu gün dil tapyşarsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda peýda boljak pikirlere üns beriň, şeýle ýagdaýda hökman
üstünlik gazanarsyňyz. Meýilnamalaryňyzy derrew durmuşa geçirip bilmersiňiz, ähli zady pikirlenmäge wagtyňyz bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bir bada birnäçe zady ýerine ýetirmäge taýyn boluň. Bu gün siz ähli ünsüňizi bir zada jemlemegiňiz mümkin däl. Tiz wagtda çözgüt talap etýän täze bir meseläniň ýüze çykmagy mümkin. Siziň kyn güne düşende bir gezekden köp kömek eden adamlaryňyz hem size bu kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek
edip bilerler. Günüň birinji ýarymy, möhüm söhbetdeşlik geçirmek üçin amatly, ýagny hiçkimiň göwnüne degmezden we göwnüňize degdirmezden. Emma agşam şahsy gatnaşyklaryňyzda dartgynly ýagdaý ýüze çykyp biler. Hat-da ýakyn adamlaryňyzam käwagt size düşünmezler. Gapma-garşylygyň öňüni almak size bagly.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Iş üçin amatly gün. Ilki bilen nämä ünsi jemlemelidigiňizi pikirleniň we nämäni yza süýşürmelidigiňizi derrew düşünersiňiz. Kömege mätäç bolmarsyňyz, ýöne kimdir biri teklip etse ýüz öwürmäň. Maliýe meselelerini çözmekden has seresaply boluň. Satyn almalara we amallara howlukmazlyk, hatda töwekgelçilik etmezlik has gowudyr. Şahsy gatnaşyklary nukdaýnazardaan bu gün diýseň amatly bolar. Bu günüňizi romantika bilen dolduryň!

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüňizi has arkaýyn geçirmek adatdakysyndan kyn bolar. Bolgusyz zatlara üns berip, ownuk wakalary ýüregiňize ýakyn almazlga çalyşyň. Kawagt adamlar bilen gatnaşyk etmegiň aňsat bolmaýanlygyna düşünjek boluň. Hatda günäňiz ýok bolan ýagdaýynda-da, size tarap kemsidiji sözler diýlip bilner. Ähli zat ýekeje minutda gowluga öwrülip bilner. Ünsüňizi  gyzykly we kyn meselä jemläň. Ol sizi özüne çeker we geljekde gazanjak üstünlikleriňiz sizi ruhlandyrar we begendirer. Şeýle hem köne dostuňyz bilen duşuşuň, ol sizi gyzyklandyrjak gyzykly bir zat tapyp biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

 Işleri uzak wagtlap yza süýşürmezlik has gowudyr. Günüň birinji ýarymy üstünlikli, gyzykly geçer. Öň başlanan meýilnamlaryöyzy tamamlamak üçin amatly. Şeýle hem göýberilen ýalňyşlyklary düzetmäge mümkinçilik bolar. Möhüm gepleşikler gowy geçer, çynlakaý düşünişmezlikler ýüze çykmaz. Käbir akraplar günüň ikinji ýarymynda ýeke galmak islärler, bu hem tiz sagalmaklaryna kömek edip biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Kowuslar günüň başynda kelläňizi we pikirleriňizi howalarda gezdirmäň. Bu gün amaly meseleleri çözmek üçin hem peýdaly bolar, bu meselede kynçylyk çekmersiňiz. Emma gaty seresaplylyk bilen batyrgaý meýilnamalary durmuşa geçirmegi dowam etmek peýdalydyr. Islemeýän işiňize güýç sarp etmek howpy bar. Günüň ikinji ýarymy ýakynlaryňyz bilen gatnaşyk üçin amatly. Dostluk duşuşuklary, romantik seneler we maşgala wakalary gowy geçer. Söýgi temasynda öz ýürekdeşiňizi begendirmegiň ýoluny taparsyňyz. Olar siziň bilen ajaýyp habarlary paýlaşarlar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler meseleleriň kynyny bir gapdala goýmak, oňa derek gyzykly we size emosiýa berjek başga bir işi ýerine ýetirmek has gowudyr. Käbir möhüm meseleleri çözmeli we bu meselede kim size kömek edip biljekdigi hakda pikirlenmeli. Diňe kynçylyklary ýeňip geçmek hökman däl, sebäbi ýakyn wagtda siziň aladalaryňyzy deň çekişjek adamlar bolar durmuşuňyzda. Günüň ikinji ýarymy sizi garaşylmadyk we özüne çekiji, ýakymly teklipler bilen begendirer. Alamatyň käbir wekilleri hemişe baryp görmegi arzuw eden ýerlerine çagyrylar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ýakymly bir güne taýynmy siz?! Sizi begendirjek gowy habarlar ýa-da ýygnaklar bilen. Sizi gowy pikirler gelip biler, olary derrew durmuşa geçiriň. Uzak wagtdan bäri işleşýän dostlaryňyza goldaw üçin ýüz tutsaňyz ret etmezler. Wagtyň geçmegi bilen oňyn çözgütleriň täsiri birneme azalar. Günüň ikinji ýarymy birneme asuda geçer. Daluwlaryň käbirlerine ýakymly syýahatlar garaşýar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Täze bir zat almak üçin gaty gowy gün. Kynçylyklar sizi gorkuzmaz. Ýolda päsgelçilikler ýüze çyksada, meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmäň. Maksadyňyza has çalt ýetmek isleýärsiňizmi? Ynanýan adamlaryňyzdan maslahat soraň. Iň gowy hereket ugrunda maslahat bererler. Täze maglumatlary çalt ýatda saklarsyňyz we dogry netije çykararsyňyz. Dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen aragatnaşykdan lezzet alarsyňyz. Bilelikde wagt geçirseňiz düşünişmezlikleri hem çözüp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama