JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşay işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem öňde boljak saparlar, hususan-da Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerindäki daşary işler ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk, şeýle hem 14-nji we 15-nji sentýabrda Duşanbede geçirilen ýokary derejedäki sammite görülýän taýýarlyk işleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri