JEMGYÝET

“Arkadag şäheri-ylham gözbaşy”

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

“Arkadag şäheri-ylham gözbaşy”

A-rkadag şäheri-ylham gözbaşy,

R-uhumyzy galkyndyrdy göklere.

K-öňülleriň , ömürleriň syrdaşy.

A-kylly şäherim bürnüp aklyga,

D-öwrebap tehnika bilen galkynyp,

A-rkadagly Serdar bilen ýalkanyp,

G-özel günde nesip etdi halkyma.

 

Ş-ugla saçýar ýyldyzlara bäs eýläp,

Ä-hli ýerde ak mermerli binalar.

H-assahana, ussahana , kärhana…

E-rtekiler dünýäsi deý hamala.

R-aýata ähli mümkinçilik bar,

I-şlemäge , okamaga , gurmaga.

 

Y-lham alyp säher sergin şemaldan,

L-ezzet alýan sözläp seniň waspyňy.

H-amala diýersiň ine erem bag,

A-sudalyk , bagtyýarlyk mesgeni,

M-ermer şäher , merjen şäher Arkadag!

 

G-özbaş aldyň Arkadagyň pähminden,

Ö-z-özünden döremeýär beýle bagt.

Z-eminde gurulan uçmah şährim sen,

B-agtdan joşup buýsanmajak şeýle wagt.

A-ýna deý ýollarda gaýýar ulaglar.

Ş-adyýan çagalaň şadyýan sesi,

Y-lham sazy “şildir-şildir” bulaglar.

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri