SPORT

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Hytaýyň ýygyndysyny ýeňdi

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U23) Aziýanyň Kubogy – 2024-iň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Hytaýyň ýaşlar ýygyndysy (U23) topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Hytaýyň Dalýan şäherindäki stadionda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 2:0 hasabynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Ýaşlar ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Meýlis Durdyýew (51-nji minut) bilen Nurmyrat Rozyýew (71-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýaşlar ýygyndymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň “K” toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. “K” toparçanyň duşuşyklary 6-12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

 

Related posts

Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Çempionlar Ligasy: “Liwerpul” ýarym finala bir ädim golaýlady

Angliýanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri