SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý koronawirus üçin barlag netijenamasyny talap etmeýär

Hytaý Halk Respublikasy 30-njy awgustdan başlap, ýurda gelýän daşary ýurtly raýatlardan “COVID-19” koronawirus ýokanjy üçin deslapky barlag netijenamasyny talap etmegi aradan aýyrýar. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekili Wan Wenbin habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Hytaýa gelmezden ozal, göz öňünde tutulýan hökmany bolan koronawirus ýokanjynyň ýokdugy baradaky netijenama talap edilmeýär. Şeýle hem ol Hytaýyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen pandemiýa garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi dowam edýändigini hem-de halkara gezelençleriň durnukly we howpsuzlygyny goldaýandyklaryny belledi.

Bu girizilen täze düzgün “COVID-19” koronawirus ýokanjy sebäpli 3 ýyl dowam eden çäklendirmelerden soňra, Hytaýyň şu ýylyň ýanwar aýyndan kem-kemden serhetlerini açmagynyň bir bölegi bolup durýar. Şondna Hytaýyň hökümeti ýurda gelýänler üçin hökmany karantin düzgünini ýatyrypdy, ýöne koronawirus ýokanjynyň ýokdugy baradaky netijenamany talap etmegi saklap galypdy.

Şeýle hem Hytaý ýanwar aýynda adaty wizalary bermegi täzeden ýola goýpu, daşary ýurtlulara wagtlaýyn ýaşamaga rugsat berdi. Hytaýyň ýaşaýjylary biometrik pasportlary resmileşdirmek we syýahatçylyk wizalaryny almak mümkinçiligine täzeden eýe boldular.

Mundan başga-da, Hytaý mart aýynda daşary ýurt raýatlaryna syýahatçylyk wizalaryny bermegi ýola goýdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar