SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalary

Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryň sanawy tassyklandy. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda neşir edilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda çykaran 359 belgili buýrugy bilen tassyklanan Sanawda haýsy agzalaryň we (ýa-da) dokumalaryň Transplantasiýa degişlidigi bellenilýär.

«Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna görä,  adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy (oturdylmagy) – hirurgiýa operasiýasy arkaly resipiýentiň ýok bolan ýa-da adamyň ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edip bilmeýän, zeper ýeten beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň diri donoryň ýa-da merhum donoryň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary bilen çalşylmagyna düşünilýär.

 

Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da)

dokumalaryň sanawy

 

1. Böwrek

2. Bagyr we onuň bölekleri

3. Ýürek

4. Ýürek-öýkeniň toplumy

5. Kelle çanagynyň süňkleri

6. Aşgazanasty mäziň özi ýa-da bedeniň beýleki agzalarynyň toplumy bilen

7. Süňküň bölekleriniň kortikal gaty bilen

8. Kelle beýniniň gaty gabygy

9. Amniotiki perdesi

10. Hrýaşly manyz

11. Içegäniň bölekleri

12. Ham (deri)

13. Göz bäbenegi (gözüň buýnuzly perdesi, sklerasy, nemli bardasy)

14. Traheýa

 

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar