BIZNES

Saud Arabystanа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi. Bu barada Eýranyň Golestan welaýatynyň gümrük bölüminiň baş müdiri Şahriýar Şahriýari habar berdi.

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 36 sany konteýnerli otly Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesine bardy.

Şeýle hem Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy rus otlusy üçin resminamalary taýýarlamagyň tamamlanandygyny we ýük otlusynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň port şäheri bolan Jidda iberilmegi üçin Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portyna ugradylandygyny aýtdy.

Ýük otlusy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk — Günorta halkara gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket edýär.

Eýranyň metbugatyna görä, Demirgazyk-Günortaulag geçelgesiniň Ýewropa 250 milliard dollar töweregi hindi, hytaý we Gündogar Aziýa önümleriniň iberilmegini üpjün eder.

Related posts

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

«Uzynada» käninde täze gaz akymy alyndy

Türkmenistan’da Maaşlara Yüzde 10 Zam geliyor

vepa