SPORT

Mançini Saud Arabystanynyň milli ýygyndysyna tälim berer

Italiýaly tejribeli tälimçi Roberto Mançini Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Dünýä belli ýyldyzlary özünde jemläp, futbol dünýäsinde öwrülişikleri amala aşyrýan Saud Arabystany milli ýygyndy toparynyň hem üstünlikler gazanmagy üçin ýewropaly tälimçi bilen ylalaşdy.

– Men Ýewropada uly üstünlikler gazandy. Indi Saud Arabystanyda taryh ýazmak isleýärin – diýip, 58 ýaşyndaky tälimçi wideoýazgysynda belläp geçdi.

Mançini bilen 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşylar. Oňa ýyllyk 20 million ýewro hak tölener.

Roberto Mançini bilen Italiýanyň milli ýygyndysy 2020-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň çempiony boldy. Ýöne onuň tälimçiligindäki Italiýa 2022-nji ýylda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmedi.

Italiýaly tälimçi öz ýurdunyň “Fiorentina”, “Lasio”, “Inter” toparlaryna, Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna, Türkiýäniň “Galatasaraý” toparyna, şeýle hem Russiýanyň “Zenit” toparyna tälim berdi. Ol bu toparlarda tälimçi bolan döwründe şol ýurtlaryň çempiony bolup, birnäçe kuboklaryň eýesi boldy.

Ozal özi hem futbolçy bolan Mançini Italiýanyň “Bolonýa”, “Sampdoriýa” we “Lasio” toparlarynda, Angliýanyň “Lester” toparynda futbol oýnady. Ol Italiýanyň milli ýygyndysy bilen 1990-njy ýylda dünýä çempionatynda  hem-de 1988-nji ýylda Ýewropa çempionatynda bürünç medal gazandy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler