JEMGYÝET

Türkmenistandan Wengriýa tebigy gaz ibermek boýunça pikir alşyldy

Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda türkmen tebigy gazyny Wengriýa ibermek babatda syýasy taýdan ylalaşyk gazanylyp, nobat iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçiriler. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýýarto belläp geçdi.

– Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa iberilmeginde Wengriýanyň esasy ugurlaryň hem-de üstaşry geçýän ýurtlaryň biri bolmagy ugrunda tagalla edilýär. Syýasy babatda ylalaşyk gazanyldy, nobat kompaniýalaryň arasynda gepleşikler geçiriler we olar täjirçilik babatda pikir alşarlar – diýip, Siýýarto jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Budapeştde iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Şol duşuşykda Wengriýanyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýändigi hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri