SPORT

Tomus döwrüniň iň gymmat transferi

Moýses Kaýsedo Angliýanyň milli çempionatynda çykyş edýän “Çelsi” topary bilen şertnama baglaşdy. “Braýton” toparynyň ýarymgoragçysy täze topary bilen 8 ýyllyk şertnama baglaşyp, onda şertnamanyň möhletini 1 ýyl uzaltmak hem göz öňünde tutuldy.

“Çelsi” topary bu fubolçyny düzümine goşmak üçin 115 million funt-sterling töledi. Şol sanda goşmaçalar hem göz öňünde tutuldy.

Aslynda, bu futbolçy “Liwerpul” toparyna geçmelidi. Ýöne ahyrky günlerde 21 ýaşyndaky ekwadorly futbolçy pikirini üýtgedip, “Çelsi” toparyna geçdi.

“Çelsi” toparynyň Kaýsedo üçin tölän möçberi Angliýanyň milli çempionatynda täze rekord boldy we tomus döwrüniň iň gymmat transferi hökmünde hasaba alyndy.

Related posts

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Indoneziýa we Bahreýn bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Ata Watan Eserleri

Muhammet Alyny ýatlap

Ata Watan Eserleri

Türk futbolçy “Spartagy” däl, “Benfikany” saýlady

Leave a Comment