BILIM

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy çaltlaşdyrylan tertipde talyp wizalaryny berer

Şu ýylyň 5-nji, 12-nji. 19-njy we 26-njy awgustynda sagat 10:00-dan Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi deslapky ýüz tutmalaryň esasynda talyp wizasyny resmileşdirmek boýunça goşmaça kabul edişlikler gurnar. Bu barada ilçihana tarapyndan habar berilýär.

Russiýanyň ýokayr okuw mekdepleriniň talyplary we dalaşgärleri bu sanawa goşulmak üçin (okuw görnüşine garamazdan – býujet ýa-da şertnamalaýyn) Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medneiýet bölüminiň kvota.otdel_tm@mail.ru elektron poçta salgysyna şu aşakdaky maglumatlary ibermegiňiz zerur bolup durýar.

Wiza resmileşdirmek üçin iberilmeli maglumatlar:
1. Ady, familiýasy
2. Doglan senesi,
3. Тelefon
4. Elektorn poçta salgysy,
5. Russiýanyň Içeri işler ministrligi ýa-da Daşary işler ministrliginden alnan çakylygyň belgisi;

– bar bolan wizany täze biometrik pasporta geçirmek üçin
1. Ady, familiýasy
2. Doglan senesi,
3. Тelefon
4. Elektorn poçta salgysy,
5. Wizanyň hereket edýän möhleti we belgisi

Ýokarda görkezilen maglumatlar doly beýan edilmedik halatynda ýüz tutma seredilmeýär.

Şeýle hem 1-nji awgustdan https://visa.kdmid.ru saýty arkaly doldurylan anketalara hem seredilýär.

Related posts

Harby instituta okuwa kabul etmegiň tertibi: 2022

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Leave a Comment