DÜNÝÄ

Türkmenistan global howpsuzlyk strategiýany işläp düzmek başlangyjyny teklip eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň 12-nji sentýabrynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bu ugurda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ählumumy parahatçylyga gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürmek meýilleşdirilýär.

TEKLIP EDILÝÄN BAŞLANGYÇLAR:

  • Türkmenistan global howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar.
  • Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip edilýär.
  • BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek öňe sürüler.
  • BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek teklibi beýan ediler.
  • BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek teklip ediler.
  • Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri