SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý-Türkmenistan ugry boýunça ilkinji ýük uçar gatnawy

23-nji iýulda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Hytaýyň Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada tarap ilkinji ýük uçar gatnawyny ýerine ýetirmäge girişdi. Ilkinji ýük gatnawynda “akylly” elektronika enjamlary, egin-eşikler we beýleki harytlar ýüklenildi.

Hytaýyň “CGTN” neşiriniň habar bermegine görä, bu gatnawyň iki ýurduň arasynda ilkinji ýük gatnawynyň resmi taýdna açylandygynyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem bu gatnaw Hytaýyň Şençžen şäherinden Merkezi Aziýa ugry boýunça ilkinji gatnaw bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Onuň açylmagy Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýoly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Italiýanyň Milan hem-de Hytaýyň Şençžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga başlajakdygyny mälim edipdi.

Bu gatnawlar hepdede bir gezek täze satyn alnan “Airbus A330-200 P2F” ýük uçarlary arkaly amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler