SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

12 sagatda 566 million agaç ekildi

Efiopiýada 12 sagadyň dowamynda 566 million agaç nahaly ekilip, rekord goýuldy. Afrikanyň bu ýurdunda “Ýaşyl miras” maksatnamasy esasynda ýaşyl zolaklary döretmek işine uly ähmiýet berilýär.

Mundan ozal, 2019-njy ýylda Efiopiýada 350 milliondan gowrak agaç ekilip, rekord goýlupdy. Bu gezekki görkeziji 500 million hökmünde kabul edilipdi.

Ýurduň hökümeti bu görkezijini hem geçip, 566 million nahal oturmagy başardy. Premýer-ministr Abiý Ahmed ir sagatlarynda başlan bag ekmek çäresi giç wagtlara çenli dowam etdi.

Bu bag ekmek çäresine halk jemgyýetçiliginiň işjeň gatnaşandygyny bellän hökümet başlygy meýilnamalaşdyrandyklaryny we bilelikde onuň hötdesinden gelendiklerini belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, XX asyryň başlarynda umumy meýdanynyň 35 göteriminiň tokaýlardan ybarat bolan Efiopiýanyň häzirki wagtda tokaý zolaklarynyň meýdany 15 göterime çenli azaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri