MEDENIÝET

Arkadag şäher kitaphanasynda maslahat geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmaga gelenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Bu ýerde şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen döwürdeş şahyrlarymyzyň we nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň eserleri sergilenipdir. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Kitaphananyň kitap hazynasy häzirki wagtda üç müň neşirden ybarat. Kitaphananyň iň ýokaryky üçünji gatynda häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen obserwatoriýa hem bar. Bu ýerde teleskop arkaly okyjylar kitap sahypalarynda okan älem giňişligi baradaky maglumatlaryny tejribede synlap görmäge mümkinçilik alýarlar.

Kitaphanada birnäçe bölümler hereket edýär. Olaryň biri hem çagalar üçin kitap otagy bolup durýar. Çagalar bölüminde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen ertekilerdir hekaýalar bar. Çagalar bu bölümde tomusky dynç alyş döwründe we ýylyň islendik wagtynda kitap okap, dünýägaraýyşlaryny giňeldip bilýärler.

Sergiden soňra, maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler Arkadag şäherinde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem kitaphanaçylar häzirki döwrümizde kitaphanaçylyk işini kämil derejede gurnamak barada özara pikir alyşdylar.

 

Ýene-de okaň

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar