Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Geçirilen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji 6,2 göterim artdy.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak boýunça işleri hem guramaçylykly alyp barmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
