DÜNÝÄ

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň BAE amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda bu ýurduň daşary syýasy edarasynda we Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda geçirilen birnäçe duşuşyklaryň we çäreleriň netijeleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine olar üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri