DÜNÝÄ

Arkadag şäheriniň Nýu-Ýordaky tanyşdyrylyş çäresine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen, hususan-da, ulag we energetika, howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrunda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerinde alnyp barylýan özara gatnaşyklar barada oňyn pikir alyşmalar geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Hökümetini Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Hemişelik wekilhana tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda guralýan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly çärä özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Hemişelik wekili ESCAP-yň ýolbaşçylaryna we sekretariatyna 2023-nji ýylyň maý aýynda Komissiýanyň 79-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky kararyny kabul etmek işinde türkmen tarapyna beren goldawy we işjeň hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda durnukly ulag, energetika ykjamlygy hem-de özara baglanyşygy ösdürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, Aziýa-Uwaş umman sebitinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri