Türkmenistanly toparlar Kazanda başlanan «Ýüpek ýoly» halkara ralli ýaryşynyň 13-nji goýberilişine gatnaşýarlar.
Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, bu ýaryşda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Merdan Toýlyýew, Şöhrat Toýlyýew, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow (“Nissan Patrol”), Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew (Toýota LC 200) dagy çykyş edýär.
Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçýär. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar ýaryş üçin kesgitlenen araçägiň ýarysyndna gowragyny geçdiler. Final ýa-da ýapylyş dabarasyna ýene-de 4 gün galdy.
Ralliniň 5-nji tapgyry 557 kilometr bolup, ol Orenburg bilen Samara aralygynda geçdi. Şonuň netijesinde, türkmen türgenleri gazanýan netijeleri bilen baýrakly orunlary eýelemäge çemeleşýärler.
Ýaryşyň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, ralli bäsleşiginiň T2 kategoriýasynda öňdeligi rus türgen Anton Melnikow eýeleýär. Ikinji orunda Leonid Petrow barýan bolsa, 3-nji, 4-nji we 5-nji orunlary degişlilikde türkmen türgenleri eýeläp gelýär. 3-nji orunda Maksatmyrat Daňatarow, 4-nji orunda Merdan Toýlyýew we 5-nji orunda Şamyrat Gurbanow barýar.
Mälim bolşy ýaly, ralli ýaryşy jemi 5241 kilometr aralygy geçmeli bolarlar, onuň 2300 kilometri ýokary tizlik ýollarydyr.
